DÜNYA

Tailandda syýahatçylyk rekordy

2019-njy ýylda Tailanda 39 million syýahatçy bardy. Bu bolsa ýurduň milli rekordydyr. Bu barada Tailandyň sport we syýahatçylyk ministri Phiphat Ratçakitprakan ministrlik derejesindäki maslahatda habar berdi diýip, rus metbugatynda ýazylýar.

«Soňky maglumatlara görä, Tailanda jemi 39 million syýahatçy geldi» diýip, ministr maslahatda aýtdy. Olaryň arasynda dünýäniň onlarça döwletleriniň wekilleri bar. Olaryň aglaba bölegi bolsa hytaýly syýahatçylardyr.

Ortaça hasap bilen, Tailanda her gün 140 müň syýahatçy gelýär.

Related posts

Sportmen Lider yine ustalığını konuşturdu

vepa

Bakanlar Kurulu: yeni eğitim yılı başlayacak

Türkmenistan’da Türkmenin Ak Evi binası açıldı