GENEL

Messi ýene bir myhmanaha satyn aldy

31 ýaşyna giren argentinaly futbol ýyldyzy Lionel Messi geljeginiň hem aladasyny edýär. Ýakynda ol Ispaniýanyň Malýorka adasynda ýerleşýän dört ýyldyzly myhmanhanany satyn aldy. «Sea Som Fona» diýlip atlandyrylýan myhmanhananyň ozalky hojaýyny Wisente Miralýesiň aýtmagyna görä, Messi bu myhmanhanany üstümizdäki ýylyň fewral aýynda satyn aldy. Futbolçynyň maksady dört gatly, 98 otagly myhmanhanany düýpli abatlap, soňra hyzmata goýbermek.

Karýerasynda bäş gezek «Altyn pökgä» eýe bolan ýyldyz mundan ozal Ispaniýanyň Ibisa adasyndaky we Kataloniýadaky myhmanhanalaryň hem käbirini satyn alypdy. Häzir bu myhmanhanalar futbol ýyldyzyna goşmaça girdeji bolup hyzmat edýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Cumhurbaşkanı Azerbaycan’a devlet ziyaretini gerçekleştirecek

PETRONAS yeni anlaşmalarla Türkmenistan’daki 30. yılını kutluyor

Türkmenistan Bakü’de düzenlenen Uluslararası Ombudsmanlar Zirvesi’ne katıldı

Türkmenistan ile Malezya, petrol ve doğal gaz sektöründe stratejik anlaşmalar imzaladı

Malezya Başbakanı Aşkabat’a geldi

Malezya Başbakanı Türkmenistan’a geliyor