GENEL

Ankara şäherinde futbol bäsleşigi geçirildi

Türkmenistanda 2019-njy ýylyň “Türkmenistan –rowaçlygyň Watany” ýyly diýlip yglan edilmegi we her ýylyň 5-nji apreli – 5-nji maýy aralygynda geçirilýän “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport çäreleriniň biraýlygy mynasybetli, 2019-njy ýylyň 13-nji aprelinde Ankara şäherinde ýerleşýän Hajettepe döwlet uniwersitetiniň sport stadionynda Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherindäki uniwersitetlerde bilim alýan türkmen talyplarynyň, Ilçihananyň wekilleriniň we Ankarada ýaşaýan türkmen raýatlarynyň gatnaşmaklarynda futbol bäsleşigi geçirildi.

Medeni-sport çäresiniň başlanmagynyň öňüsyrasynda ýurdumyzda 2019-njy ýylyň “Türkmenistan –rowaçlygyň Watany” ýyly diýlip yglan edilmegi bilen baglylykda amala aşyrylýan işler we çäreler barada bellenip geçildi. Bu babatda, Çuňňur Hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen badalga berilen sportuň birnäçe ugurlary boýunça, şol sanda welosiped ýaryşlarynyň geçirilýändigi barada talyplara gürrüň berildi.

Hususan-da, 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji mejlisinde ýurdumyzyň teklibi bilen işlenip taýýarlanan “Bütindünýä welosiped güni” atly Kararnamasynyň biragyzdan kabul edilmegi bilen, mundan beýläk her senäniň 3-nji iýunynyň Bütindünýä welosiped güni hökmünde dabaralanjakdygy bilen çärä gatnaşyjylar gutlanyldy.

Futbol ýaryşynyň dowamynda Bagtyýarlyk, Sagdynlyk, Dostluk we Rowaçlyk atly türkmen talyplaryndan düzülen ýygyndy toparlar özaralarynda bäsleşdiler. Sport çäresiniň ahyrynda ýeňiji bolan toparlar ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar hem-de ýurdumyzyň milli tagamlary gatnaşyjylara hödür edildi.  

 

Ýene-de okaň

Azerbaycan ile Türkmenistan iş birliğinin geliştirilmesini görüştü

Azerbaycan tarafından Türkmenistan’a petrol tankeri hediye edildi

Ata Watan Eserleri

Bakü’de Türkmenistan Cumhurbaşkanı için resmi karşılama töreni düzenlendi

Türkmenistan Cumhurbaşkanı’nın Azerbaycan ziyareti başladı

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Cumhurbaşkanı Azerbaycan’a devlet ziyaretini gerçekleştirecek

PETRONAS yeni anlaşmalarla Türkmenistan’daki 30. yılını kutluyor