GENEL

Gara dilik ― älemiň täsinligi

10-njy aprelde älem meseleleri boýunça bir wagtyň özünde bolup geçen 6 sany metbugat maslahatynda «Gara dilik» diýlip atlandyrylýan älem täsinliginiň suraty taryhda ilkinji gezek görkezildi.

Biziň planetamyzdan 55 ýagtylyk ýyly uzaklykda ýerleşýän «M87» (Messýe 87) atly eliptik galaktikanyň merkezinde ýerleşýän gara dilik, deslapky çaklamalara görä, Günden 6,5 milliard biziň galaktikamydaky dilikden bolsa müň esse uludyr.

Älemşynaslara ony surata düşürmek ýeňil düşmedi. Şu habar bilen ugurdaş synlaýan suratyňyzy almak üçin «Event Horizon Telescope» merkezinde  güýçli radioteleskoplaryň 8-si birleşdirildi.

Gara dilik barada adamzat taryhynyň iň görnükli fizikleri Albert Eýnşteýn bilen Stiwen Hoking hem birnäçe zatlary aýdyp gidipdirler. Alnan suratlar gara dilik baradaky çaklamalaryň köpüsiniň hakykata golaýdygyny görkezdi. Aýdylyşyna görä, fizikanyň kanunlarynyň hiç biri hem gara dilikde hökümini ýöredip bilmeýär. Ol ýerde wagt doňup galandyr.

Bu surat, aslynda, 2017-nji ýylda alyndy. Ýöne ony şu görnüşe getirmek üçin alymlar iki ýyl işlemeli boldular. Aslynda, gara diligi beýle dury görnüşde görmek mümkin däldir. Her näçe güýçli teleskop bolsa hem biz onuň diňe kölegesini görüp bileris. Bu suratyň merkezindäki obýekt bolsa gara diligiň hut özüdir.

Ýene-de okaň

Azerbaycan ile Türkmenistan iş birliğinin geliştirilmesini görüştü

Azerbaycan tarafından Türkmenistan’a petrol tankeri hediye edildi

Ata Watan Eserleri

Bakü’de Türkmenistan Cumhurbaşkanı için resmi karşılama töreni düzenlendi

Türkmenistan Cumhurbaşkanı’nın Azerbaycan ziyareti başladı

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Cumhurbaşkanı Azerbaycan’a devlet ziyaretini gerçekleştirecek

PETRONAS yeni anlaşmalarla Türkmenistan’daki 30. yılını kutluyor