GENEL

Dünýäniň iň gymmat awtoulagy

Ýakynda Şweýsariýanyň Ženewa şäherindäki halkara awtomerkezde häzirki döwürdäki iň gymmat awtoulag ilkinji gezek görkezildi. Häzire çenli ýekeje nusgada öndürilen awtoulag Fransiýanyň Bugatti awtoulag kompaniýasyna degişlidir. 

Kompaniýanyň wekilleri «La Voiture Noire» diýlip atlandyrylýan bu ulagyň bahasynyň 16,7 million ýewro barabardygyny aýdýarlar. Meseläniň gyzykly tarapy, dünýäniň iň gymmat awtoulagy eýýäm satyn alnypdyr. Ýöne şunça puluny ýekeje awtoulaga sarp eden adamyň kimdigi gizlin saklanylýar.

Related posts

İran Dışişleri Bakanı Arakçi Türkmenistan’ı ziyaret etti

Ata Watan Eserleri

Türkmenbaşı Petrol Rafinerisi’nden satın alma ihalesi

Ata Watan Eserleri

Adem Kula : Foruma uly höwes bilen gatnaşdyk

vepa