GENERAL

Öz gadyrymyz bileliň

Tanymal spikerleriň biri öz seminar okuwyna 20 dollarlyk bir banknoty eline alyp başlady. 200 adamlyk zaly dolduryp oturanlardan:

– Şu puly kim isleýär?–diýdi.

Elleriň ählisi ýokary galmaga başlanda,  spiker:

– Men şu puly içiňizde birine berjek, ýöne ilki käbir zatlary etjek—diýip, sözüni dowam etdi.

Kagyz puly elinde mynçgady we ýene diňleýjilere:

– Siz, henizem şu puly isleýäňizmi?– diýip sorady.

Elleriň bary ýene ýokary göterildi. Bu gezek spiker:

– A eger beýdäýsem–diýdi-de, 20 dollary ýere taşlady, üstüne basdy, banknoty dabanynyň aşagynda oýkap, mazaly hapalady.

Pul mynçgalananlygynyň üstüne, hapady. Şuňa garamazdan diňleýjileriň ählisinde henizem oňa eýe bolmak islegi bardy.

Spiker şeýle diýdi:

– Dostlarym, şu ýerde bir möhüm zat öwrendiňiz. Görşüňiz ýaly, men bu banknota näme edenem bolsam, ol size barybir gerek, hatda ony başdaky täzeliginden nähili ýagdaýa getiren hem bolsam, eden hereketlerim onuň gymmatyny gaçyrmady. Ol henizem 20 dollar. Durmuşda birnäçe gezek gelen netijelerimiz ýa-da durmuşda ýüze çykýan ýagdaýlar zerarly köseneris, içimiz ýanar, otdan alyp suwa, suwda oda oklanarys, özümizi ýaramaz duýarys…garaz nähili bolany ýa nähili boljagy möhüm däl, hiç haçan gadyrymyzy gaçyrmalyň. Bolup biljek dogry ýa-da nädogry hereketler, kösençlik ýa-da göwne degişlik, bularyň hiç biri möhüm däl. Bizi söýýän adamlar biziň gymmatymyzy her wagt bilerler. Durmuşymyzyň gadyry näme edenimiz ýa kime duşanymyz bilen däl, özümiziň kim bolanymyz bilen bagly zat. Sen aňrybaşy ajaýyp bolmalysyň, şuny hemişe ýadyňda sakla. Hemişe eliňde däl zatlar hakynda däl, nesip eden zatlar hakynda pikir et.

Bu soňky jümlelerden soň zalda el çarpyşmalar ýaňlandy.

 Öz gadyrymyz bileliň. Adamlaryň bolşy biri-birinden tapawutly we özüni aýratynlandyrýan gowy häsiýetleri bolmalydyr. Garran wagtymyz wezipeden aýrylanymyzda we iş lybaslarymyzy çykaranamyzda, tanyş, dost-ýar hökmünde gatnaşmalydygyňyzy unutmaň. Belki şol wagt hakyky dostlugyň nämedigine göz ýetireris. Kimiň hakyky dost bolany, kimiň hakykatdanam siziň adamçylygyňyza, artykmaç häsiýetleriňize görä gatnaşýandygy, sylaýandygy belli bolar.

Ýene-de okaň

Meeting of the Minister of Foreign Affairs of Turkmenistan with the Minister of State of Qatar

Türkiye’s Karahantepe revealed the Neolithic Age’s Greatest Discovery: ‘The First Three-Dimensional Narrative’

Derya Soysal : turkmen language a cultural treasure and strategic bridge between civilizations

Books are the key to Success: Balkanabat Hosts Book Lovers’ Competition

Vestiabad: Makul Dictionary in Turkmen Media

UssatNews: Makul Dictionary in Turkmen Media