GENERAL

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Germaniýa iş sapary

2019-njy ýylyň 11–14-nji fewraly aralygynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunabasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Germaniya Federatiw Respublikasynda iş saparynda bolýar. 

Saparyň maksatnamasyna laýyklykda, wekiliýet Türkmen-german işewürler forumyny hem-de milli ykdysadyýetiň degişli pudak edaralarynyň wekilleriniň Germaniýanyň degişli hökümet we hususy guramalary bilen gepleşikleri geçirmekden ybarat. Türkmen wekiliýetiniň düzüminde Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak, Maliýe we ykdysadyýet hem-de Energetika ministrilikleriniň hem-de Ahal welaýat häkimliginiň ýolbaşçylary şeýle-hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri bar.

12-nji fewralda Türkmen wekiliýeti Germaniýanyň Oba hojalygy we azyk boýunça federal ministrliginiň Parlamentar döwlet sekretary H.Ý.Fuhtel bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar Türkmenistanyň we Germaniýa Federatiw  Respublikasynyň arasyndaky däp bolan dostluk gatnaşyklarynyň täze belentliklere çykýandygyny hem-de anyk netijelere gönükdirilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly häsiýetini kanagatlanma bilen bellediler.

Taraplar häzirki wagtda Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasynda dowam edýän oňyn ykdysady gatnaşyklaryň ähmiýetini nygtadylar hem-de şol ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmek, hususan-da oba hojalygy pudagynda iri maýa goýum we innowasion taslamalaryny durmuşa geçirmek meselelerini ara alnyp maslahatlaşdylar.

Soňra Türkmen wekiliýetiniň agzalary Germaniýanyň “Claas” kompaniýasynyň Innowasion ylmy işläp-taýýarlamalar merkezine        hem-de oba hojalyk fermasyna baryp gördüler.  

 13-nji fewralda Berliniň «Deutsche Bank AG» bankynyň binasynda Türkmen-german işewürler maslahaty öz işine başlady. 

Ýene-de okaň

World Turkic Language Family Day was celebrated in Tbilisi

Meeting of the Heads of the International Seaports of Turkmenbashi and Baku

Membership of Turkmenistan in the specialized bodies of the United Nations

Turkmenistan Business Delegation Arrives in Eswatini to Strengthen Economic Cooperation

Ata Watan Eserleri

Ambassador of Turkmenistan met with the Chairman of the Ankara Chamber of Commerce and Industry

Halk Maslahaty of Turkmenistan and US Special Envoy discuss bilateral relations