GENERAL

Robotyň diriJýorlygynda konsert

Birleşen Arap Emirliklerinde robotyň diriJýorlyk etmeginde geçirilen konsert maksatnamasy tehnologiýada ýetilen sepgidiň subutnamasy boldy. Kem-kemden gündelik durmuşa ornaşýan tehnologiýanyň mundan soňra ýetjek derejesini göz öňüne getirmek hem kyn bolsa gerek.

BAE-niň şarja şäherindäki sungat akademiýasynda robotyň ýolbaşçylygynda aýdym-saz konserti guraldy. Orkestriň öňbaşysy bolan robotyň dolandyrylyş ulgamy uly gyzyklanma döretdi.

Tomaşaçylar konsertden lezzet alandygyny mälim edip, dünýäniň çalt depginde özgerýändigini, robotlaryň diriJýorlyk edip başlandyklaryny mälim etdiler.

BAE-niň ululygy boýunça üçünji orunda durýan şarja emirligi söwdada we syýahatçylykda Dubaý bilen bäsleşýär.

Related posts

Ambassador of Kazakhstan to Turkmenistan Hosts Reception for Republic Day

Turkmenistan prepared extensive Program for International Year of Peace and Trust

Türkmenistan Yeni Hükümeti 1 ay içinde kurulacak

vepa