WORLD

Syýahatçylykda çalt depginde ösýän ýurtlar

Syýahatçylyk pudagynyň çalt depginlerde ösýän ýurtlaryň sanawy taýýarlandy. Birleşen Milletler Guramasynyň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň taýýarlan sanawynda birinjiligi Mýanma (40,2 göterim) eýeledi. Ikinji we üçünji orunlar degişlilikde Puerto-Riko (31,2%) we Eýrana (27,9%) degişli boldy.

Özbegistan bu sanawda 4-nji orny eýeledi. Mundan başga-da, Çernogoriýa (21,4%), Müsür (21,1%), Wýetnam (16,2%), Filippinler (15,1%), Maldiwler (14,9%), Bagam adalary (14,6%), Katar (14,5%), Ermenistan (14,4%), Günorta Koreýa (14,4%), Türkiýe (14%), Bosniýa We Gersogowiniýa (13,7%), Tunis (13,6%), Laos (11,5%), Azerbaýjan (11,4%), Ysraýyl (10,5%), Litwa (10,1%) we Gazagystan (10%) sanawa goşuldy.

Birleşen Milletler Guramasynyň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň maglumatyna görä, geçen ýyl halkara jahankeşdeleriň sany 1,5 milliarddan gowrak boldy. şol döwürde iň köp syýahatçy Fransiýa geldi. Bu ýurt 90 million syýahatçy kabul etdi.

Related posts

Usaid to host women’s summit in Tashkent

Issues of strengthening Turkmen-Azerbaijani cooperation discussed in Baku

Enjoy the fresh summer flavours of Türkiye!