GENERAL

“Liwerpul”-a täze rekord goýmak başardarmyka? Mart aýyndaky çempionlyk arzuwy

Angliýanyň futbol boýunça milli çempionatynda (“Premier Liga”) “Liwerpul” topary kerweniň başyny çekip gelýär. Onuň esasy bäsdeşi “Mançester Siti” topary bilen arasyndaky tapawut 22 bala ýetdi.

30 ýyldan bäri çempion bolmagy arzuw edip gelýän “Liwerpul” topary  mart aýynda çempion bolup, “Premier Ligada” täze üstünligiň hötdesinden gelmek mümkinçiligine eýedir. Geçen hepde “Southampton” toparyny 4:0 hasap bilen ýeňen “Liwerpul” çempionatdaky bassyr 16-njy ýeňşini baýram etdi. Germaniýaly ökde tälimçi Ýurgen Kloppyň tälim berýän bu topary “Mançester Siti” toparynyň “Tottenhem” toparyndan ýeňilmegi bilen arasyndaky aratapawudy 22 bala ýetirdi. Häzirki wagtda “Liwerpul” topary 25 hepdäniň ahyrynda 24 duşuşykda ýeňiş gazanyp, bir duşuşyk hem deňme-deň tamamlandy. şeýlelikde “Liwerpul” ýeňilmän gelýän toparyň biridir.

“Liwerpul” toparynyň 25-nji tapgyrdan soň gazanan baly 73-ä deňdir, “Mançester Siti” toparynyň  baly bolsa 51-dir.

ÇEMPIONLYK ÜÇIN 6 ÝE√Ö‚İIş GEREK

“Liwerpul” pellehana golaýlady. Mundan soňra topar 6 duşuşykda ýeňiş gazanan halatynda ýa-da 18 bal jemlän ýagdaýynda çempion bolar. “Liwerpul” topary çempionatda galan 13 duşuşykda hem 18 bal jemlän ýagdaýynda-da çempion bolup bilýär.

“Liwerpul” topary yzly-yzyna 6 duşuşykda ýeňiş gazananda, “Premier Liga”-da iň ir çempionlygyny yglan eden topar bolup, bu rekordyň eýesi bolar. Mundan ozal, “Mançester Ýunaýted” topary 2001-nji ýylyň 14-nji aprelinde çempionatyň tamamlanmagyna 5 hepde galanda çempionlygyny yglan edipdi.

“Liwerpul”-yň bu rekordyna “Manseçter Siti” topary hem öz goşandyny goşmagy mümkin. Sebäbi Hosep Gwardiolanyň toparyna öňümizdäki 6 hepdede “Mançester Ýunaýted” we “Çelsi” ýaly toparlar bilen duşuşyklary bar. Bu oýunlarda “Mançester Siti” bal ýitiren halatynda “Liwerpul”-yň işi ýeňilleşýär.

Çempionat 17-nji maýda tamamlanýar.

“Liwerpul”-yň öňümizdäki 6 hepdedäki duşuşyklary:

15.02.2020   “Norwiç Siti” – “Liwerpul”.

24.02.2020   “Liwerpul” – “West Ham”.

29.02.2020   “Uotford” – “Liwerpul”.

07.03.2020  “Liwerpul” – “Bornmut”.

14.03.2020  “Ewerton” – “Liwerpul”.

21.03.2020  “Liwerpul” – “Kristal Palas”.

04.04.2020   “Mançester Siti” – “Liwerpul”.

Ýene-de okaň

Turkmenistan and Poland signed Memorandum of Understanding on Migration Cooperation

PETRONAS Marks 30 Years in Turkmenistan with New Agreements to Advance Strategic Growth

Turkmen Ambassador Meets With Georgia’s Minister of Internal Affairs

Yazdursyn Gurbannazarova participated in the International Ombudsmen Summit in Baku

Turkmenistan and Malaysia Sign Milestone Agreements to Deepen Strategic Oil and Gas Partnership

Delegation of Turkmenistan Participates in the 11th General Assembly of the States Parties to the UNESCO Convention for the Safeguarding of the Intangible Cultural Heritage