Olar nädip üstünlige ýetdiler? (Ýa-da Üstünlige Çenli Geçilen Basgançaklar…)

Baý adamlaryň adaty adamlardan tapawutlandyrýan nähilidir bir ýagdaý barmyka? Aslynda, islendik milliarderiň ýeten derejesine çenli geçen ýoly özüne mahsus bolup, beýlekilerden tapawutlanýarlar. Ýöne muňa garamazdan, käbir meňzeşlikler hem bar.

Olar kaşaňlygy başgaça kabul edýärler

Opra Uinfrini, Uorern Baffeti hem-de Sara Bleýklini näme zat bir ýere getirip biler? Aglaba milliarderlerden parhly tarapy, olaryň her biri inwestision hasaba eýe. Beýle kişiler üçin aňrybaş durmuş – inwestisiýa goýmak mümkinçiligi. Sebäbi pul üýşürmek täze mümkinçilikleriň ýoluny arçaýar hem-de maksatlaryňa ýetmäge goldaw berýär. Şonuň üçin milliarderler pullaryna oýunjak alman, tersine peýdaly bir işe inwestisiýa etmegi saýlaýarlar. Islendik wagt meýilnamaňyzdan daşgary pula (meselem, pul baýragy we şm.) eýe bolsaňyz, pikirleniň, näme etseňiz gowy bolar: öý goş almakmy ýa-da geljek üçin saklap goýmak?

Olar üçin «ýok» sözüniň özi ýok

Durmuşyň haýsydyr bir basgançagynda şowly ynsan hem ret edilen jogaby alyp görendir. Ugurtapyjylyk akyma garşy göreşmekde gizlenendir. Meselem, ýazyjy Joan Rouliniň «Garri Poter» eseriniň golýazmalary neşirlerde çykmazyndan öňürti birnäçe gezek ret edilen. Bu gün bu zenan – dünýäniň iň baý zenanlarynyň biri. «Ýok» – bu ýönekeý biriniň şahsy pikiri. Şowly adamlaryň tapawutly tarapy, inkär edilmegine garamazdan, maksatlaryna sary hereket etmekleridir. Olar beýle ret edilmegi maksatsyz adamyň nukdaýnazarydygyna gowy düşünýärler.

Olar pullaryny özleriçe sarp edýärler

Dogabitdi şowly ynsanlar ýokary derejeli aýlyk haky bilen baýlyga aýry-aýry zat hökmünde garaýarlar. Olar «altyn zynjyr» sindromyndan aýlanyp geçip, çykdajylaryny girdejileri bilen deňeşdirip oturmaýarlar. Multimilliarderler Uorren Baffett 31,5 müň dollarlyk öýde ýaşaýan bolsa, Mark Sukerberg 30 müň dollarlyk «Volkswagen GTI» awtoulagyny ulanýar. Milliardlap pul gazanmak – iň gymmat zatlary satyn almak däl. Iň gowusy, pullary islendik bir işe maýa goýmak ýa-da «gara gün» üçin saklamakdyr. Şahsy hasaba awtomatiki düzgünde pul geçirmek – puly ýygnamagyň iň gowy usuly.

Olar akylly töwekgelçilik edýärler

Bill Gýetsiň aýdyşy ýaly, «Köp ýeňiş gazanmak üçin, köp töwekgelçilik etmek gerek». Täze inwestisiýa ýa-da kärhana ynanmak juda kyn, emma milliarderleriň durmuşynda töwekgelçilik etmek – oýnuň aýrylmaz bölegi. Mysal üçin, Opra Uinfri Çikagodaky kiçijek teleşowuny alyp barmak üçin özüne aňsat bolan Baltimordaky täzelikleri alypbaryjylyk kesbini taşlan. Şol wagtky töwekgelçiligi häzirki wagtda onuň şowuny dünýä meşhur edip, öz miwesini berdi. Bu öňüňizden çykan meselede töwekgelçilik ediň diýildigi däl. Gowy oýlanyp görlen, hasap-hesip edilen töwekgelçilige gol urmaly. Ölçegsiz kesilen mata bilen ýedi gezek ölçenip kesilen matada ýer bilen gök ýaly tapawut bar.

Olar daş-töweregine pikirdeşlerini üýşürýärler

Milliarderler öz-özlerinden baýan däldir. Olaryň üstünligi hem-de häzirki wagtdaky maliýe ýagdaýy – müşgil işlere garşy göreşmeginiň netijesine däl-de başga adamlar bilen iş gatnaşygyny ýola goýýandyklary bilen bagly. Tomas Korli «Üstünligi kepillendirme: baý adamlaryň gündelik adatlary» kitabynda baý kişileriň konferensiýalara, ýygnaklara ýa-da kofe bahanasy bilen söhbetdeşlik etmäge ýagdaýy boldygyndan wagt aýyrmagyny nygtaýar. Onda näme, köpräk gatnaşykda boluň!

Olar öz öňlerinde anyk maksatlar goýýarlar

Her bir ynsanyň öz umyt hem-de arzuwlary bolýar, emma hakyky amady çapýan kişiler öz arzuwlaryny durmuşa geçirýär hem-de dogry maksada tarap ýola düşýärler. Geçirilen barlaglaryň netijesinde, baý adamlaryň öz öňlerinde anyk maksatlary goýýandygy anyklanylypdyr. Korli bu barada şeýle diýýär: «Arzuw-islegleriňiziň amala aşmagy üçin ilki bilen anyk maksatlara eýe boluň, maksatlaryňyza garşy ymtylyň hem-de tejribe geçiriň. Arzuwyňyzy geljekde amala aşyrjak bellibir wezipä aýyryň. Şonda wagtyň geçmegi bilen şeýle wezipe sizi öz islegleriňize sary ýetmäge ýardam berer».

Olar boş wagtlaryny şahsyýet hökmünde kämilleşmäge sarp edýärler

Baý adamlaryň beýlekilerden esasy tapawutly tarapy, olaryň boş wagtyny nähili geçirýänligindedir. Olar gyzyldan gymmatly wagtlaryny serial görmäge gidirmeýärler. Tomas Korliniň geçiren barlaglaryna görä, iň baý adamlaryň 70 göterimi günüň dowamynda 1 sagada golaý telewizor görýär. Muňa derek olar özleriniň şahsyýet hökmünde has-da kämilleşmegi üçin biznes hakda pikir edýärler. Meselem, Bill Geýts we Uorren  Baffet ylmy kitaplary okaýarlar. Opra Uinfri bolsa günde ir bilen öz üstünde işleýär. Şeýlelikde, telewizoryň pultuny goýuňda, şahsyýet hökmünde kämilleşiň – täze dil öwreniň, ylham beriji kitaplary okaň. Boş wagtlaryňyzy şeýle tertipde geçirseňiz, hem rahatlanarsyňyz, hem ýanyňyzda boljak şowlulyga köpri gurdygyňyz bolar.

Jahantäç Öwezowa,

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň

«Biznes reklama» gazetiniň öz habarçysy,

Ýene-de okaň

The European Union and Turkmenistan strengthen economic cooperation at Business Forum in Ashgabat

The Turkmen Peace

Turkmenistan Hosts Major International High Level Forum

Visit of the Minister of State for Foreign Affairs of Uganda to Ashgabat

Turkmenistan plans to participate in the international exhibition “Green EXPO 2027 Yokohama”

Tashkent hosts Agro-Forum in Central Asia – Italy – Azerbaijan Format

Turkmenistan and Uzbekistan Discusses Prospects for Agricultural Cooperation

Foreign Ministers of Turkmenistan and Iran hold telephone conversation

Meeting between the Minister of Foreign Affairs of Turkmenistan and the Ambassador of China to Turkmenistan

On the Meeting with the Ambassador of the USA to Turkmenistan

Christopher Wizda: Bridging Languages and Cultures: The Makul Dictionary

President of Turkmenistan and Prime Minister of Pakistan discuss bilateral cooperation

National Leader of the Turkmen People gives Interview to China’s CGTN

“Makul Dictionary” Included in the New York Public Library Catalog

2026 in Türkiye: A Year of Culture, Sports and Iconic Events

Akhal-Teke: The Golden Horse That Determines the Heritage of Turkmenistan

Ata Watan Eserleri

Chinese President Xi Jinping was presented with a magnificent Akhal-Teke horse named Gadyrly

Xi calls for strengthening cooperation with Turkmenistan in natural gas, trade, non-resource fields

Ambassador of Turkmenistan welcomes influencer Yuji Beleza at the Embassy

Global Athletes Take on Türkiye’s Stunning Landscapes at Alanya Ultra Trail

Ata Watan Eserleri