GENERAL

Jokowiç Awstraliýa açygyň çempiony

Serbiýaly tennisçi Nowak Jokowiç Awstraliýa açykda sekizinji gezek çempion boldy. Ol 4 sagat 3 minut dowam eden final duşuşygynda awstraliýaly Dominik Timi 6:4, 4:6, 2:6, 6:3, 6:4 hasabynda ýeňdi.

32 ýaşly Nowak mundan ozal hem Awstraliýa açykda 2008, 2011-2013, 2015, 2016 we 2019-njy ýyllarda çempion bolmagy başarypdy. şeýlelikde, ol bu ýaryşyň rekordçy çempionydyr. Özi hem hut şu ýaryşyň finalyna çykyp bilen ýyllarynda ýekeje gezek hem ýeňilmedi.

Umuman, Jokowiç Uly tuwulga ýaryşlarynda jemi 17 gezek çempion boldy. Onuň esasy bäsdeşleri şweýsariýaly Rojer Federerde 20, ispaniýaly Rafael Nadalda bolsa 19 çempionlyk bar.

Melburn şäherinde gazanylan ýeňiş serbiýaly tennisçiniň bütindünýä sanawynda birinji orna çykmagyny hem üpjün etdi. Onuň finaldaky garşydaşy Dominik Tim bolsa bu sanawda dördünji orna çykdy.

Ýene-de okaň

Cycling Event in Bucharest Marking World Bicycle Day

Delegation of Turkmenistan is participating in the Baku Energy Week

An Artificial intelligence technology introduced in the Customs System of Turkmenistan

Turkmen Electronics Producer to Localize Manufacturing in Eswatini

Rashid Meredov met with Marco Rubio

Talks with the Head of the United Nations Office of Counter-Terrorism