GENERAL

Özüni özi dolandyrýar

Ýaponiýanyň oba hojalyk tehnikalaryny öndürýän «Kubota» kompaniýasy mehanizatorsyz işleýän «X Tractor» atly elektrik bilen işleýän traktory öndürdi. Kompaniýanyň bilermenleriniň pikirine görä, bu tehnika daýhanlaryň işini ep-esli ýeňilleşdirer.

«Kubota» 2016-njy ýyldan bäri ýapon hökümetiniň oba hojalygy goldamak boýunça maksatnamasyna işjeň gatnaşyp gelýär. Bu maksatnama pudaga mümkin bolan derejede döwrebap tehnologiýany ornaşdyrmakdan ybaratdyr. Has takygy, oba hojalygynda adamyň wezipesi assa-ýuwaşdan robotlara geçer.

Ýaponiýanyň Oba hojalyk ministrliginden berlen maglumata görä, ýurtdaky fermerleriň ortaça ýaşy 67-ä deň. Dünýä boýunça bolsa olaryň ortaça ýaşy 60 hasaplanylýar. Mahlasy, ýurtda oba hojalygynda işlejek ýaşlaryň sany barha azalýar. şonuň üçin hökümet işçi güýjüni robotlar bilen çalyşmagy makul bildi.

«Kubota» mundan ozal hem bu maksatnamanyň çäginde hasyly ýygmagy we ony daşamagy aňsatlaşdyrýan tehnologiýany öndürip, daýhanlara hödürläpdi. Ýeri gelende aýtsak, bu maksatnama «Xitachi», «Iseki» √ê¬≤√ê¬∞ «Yanmar» ýaly kompaniýalar hem ýakyndan gatnaşýarlar.

Related posts

Ahal-Teke: The “Oscar” of the Horse World — Featured in LIFE Magazine

Ata Watan Eserleri

Herkes “Atavatan Türkmenistan” okuyor

vepa

Türkmen Lider ABD’nin Yeni Seçilen Başkanı Donald Trump’ı Kutladı

vepa