WORLD

10 günde ulanmaga berildi

Hytaýda koronowirusy bejeriş hassahanasy bary-ýogy 10 günüň içinde guruldy. «Hoşenşan» diýlip atlandyrylýan bu saglyk merkezi 1000 adama niýetlenen bolup, onda 1400 lukman işlär. Hassahananyň gurluşygyna 23-nji ýanwarda badalga berildi, 3-nji fewralda bolsa ol doly ulanmaga taýýar edildi.

Häzir Hytaýda koronowirus üçin ikinji bir uly hassahananyň gurluşygy hem tamamlanyp barýar. «Leýşenşan» diýlip atlandyryljak bu hassahana 6-njy fewralda ulanmaga berler. 60 müň inedördül metr meýdanda ýerleşýän hassahanada orunlaryň 1600-si bolar.

«Hoşenşan» hassahanasynda insentiw bejeriş, umumy bejeriş we agyr keseller ýaly bölümler bolar. Koronowirusyň öňüni almak üçin hem 15 sany halkara derejeli bilermen işlär. Bu hassahanalar üçin Hytaýyň iň tejribeli lukmanlary saýlanyp alynýar.

Related posts

The visit of the government delegation of Turkmenistan to Uzbekistan

Rusya, 2017’de BDT başkanlığını yapacak

vepa

A meeting was held to discuss issues related to Turkmenistan’s accession to the WTO