JEMGYÝET

Ýaponiýa Merkezi Aziýa bilen emeli aň ulgamynda hyzmatdaşlygy berkider

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde 2004-nji ýylda döredilen we 21 ýyldan soňra “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” Dialogynyň ilkinji sammiti geçirildi.

Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sanae Takaitiniň başlyklyk etmeginde geçirilýän bu sammite Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen bir hatarda Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem-de Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon gatnaşdy.

«Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň birinji sammitinde Ýaponiýa bilen sebit ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşyldy.

Ýaponiýadaky resmi duşuşyklaryň hem-de işewürlik duşuşyklarynyň netijesinde Ýaponiýa bilen Merkezi Aziýanyň arasynda 150-den gowrak dürli derejedäki resminamalara gol çekildi.

Şeýle hem Ýaponiýa bilen Merkezi Aziýa esasan-da, üç esasy ugurda — ýaşyl durnuklylyk, baglanyşyk we adam serişdeleriniň ösüşi — boýunça özara bähbitli taslamalary durmuşa geçirmek babatda ylalaşdy.

Gazanylan esasy ylalaşyk ugurlarynyň biri hem emeli aň ulgamyndaky hyzmatdaşlykdyr. Şunuň bilen baglylykda, emeli aň ulgamyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek babatda “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa emeli aň hyzmatdaşlygy” Hyzmatdaşlyk maksatnamasy boýunça ösdürmek gatnaşyklar giňeldiler.

Related posts

Milli Liderimiz Mary welaýatynyň öri meýdanlary bilen tanyşdy

Ata Watan Eserleri

Bir Ahwala Duş Boldum,Pikir Onda Pikre Batdy

vepa

Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan maslahat

vepa