DÜNÝÄ

Wise-premýerleriň 2-sine käýinç yglan edildi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň başlyklyk etmeginde Ministrler Kabinetiniň mejlisi geçirildi. Onda şu ýylyň ýanwar-mart aýlarynda alnyp barlan işlere seredildi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň çäklerinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanowa berk käýinç, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Esenmyrat Orazgeldiýew bolsa käýinç yglan etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti döwlet tarapyndan kömek berilýändigine garamazdan, nebitgaz toplumynda öňegidişligiň duýulmaýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz nebitgaz toplumynyň maliýe ýagdaýyna gözegçiligi güýçlendirmegi we milli pulda bölünip berlen karz serişdelerini böleklerin ulanmak barada tabşyryklar berdi.

 

Türkmenistanyň Prezidentiniň oba hojalyk we nebitgaz geňeşçileri wezipä bellendi

Related posts

Hükümet Kuruldu : İşte Yeni Hükümet üyeleri

vepa

33 döwlet BRIKS sammitine gatnaşmagy tassyklady

Türkiýeden wiza ýeňilligi barada kararnama