TEHNOLOGIÝA

“Vivo” akylly sagadyny çykarar

Hytaýyň telefon öndürýän kompaniýalary akylly sagat önümçiligini giňeldýärler.Şu ýylyň başynda “Xiaomi Mi Watch” çykdy, soňra “Realme Watch” we “Oppo Watch” peýda boldy. “OnePlus” we “Vivo” kompaniýasy akylly sagatlarynyň üstünde hem işleýärler. “Vivo”-nyň akylly sagady tegelek göwrümde bolar. “Oppo”, “Realme” we “Xiaomi” kompaniýalarynyň akylly sagatlary bolsa “Apple Watch” ýaly gönüburçly görnüşi öndürdiler. Şonuň üçin “Vivo Watch”, “Samsung” we “Huawei” akylly sagatlaryna meňzeýär. Ilkinji “Vivo” akylly sagadynyň haçan yglan ediljekdigi entek belli däl.

Related posts

“Xiaomi” kompaniýasyndan täze telefon

“Galaxy Ring” atly “akylly” ýüzük tanyşdyrylar

Sagatda 300 pizza taýýarlaýan robot