BIZNES

“Türkmennebit” döwlet konserni “MBF Group DWС-LLС” kompaniýasy bilen şertnama baglaşar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmennebit” döwlet konsernine guýularda sementleme we berkitme, düýpli abatlama işlerinde ulanmak üçin niýetlenen awtoulagda oturdylan degişli möçberdäki sementleýji agregaty ornaşdyrmak barada Birleşen Arap Emirlikleriniň “MBF Group DWС-LLС” kompaniýasy bilen şertnamany öz serişdeleriniň hasabyna baglaşmaga ygtyýar berildi.

Related posts

“Amazondan” 2 milliard dollarlyk maýa goýum

«Arçman» şypahanasynda 400 orunlyk bejeriş merkezi gurlar

Türkmenistan OTIF guramasynyň Baş assambleýasynyň sessiýasyna gatnaşdy