SPORT

Türkmenistanyň ýygyndysy Malaýziýanyň ýygyndysy bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer

Futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy ýerli hünärmen Mergen Orazowyň tälimçiliginde 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynyň saýlama tapgyryna taýýarlygynyň çäginde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýtynda bellenilýär.

12-19-njy mart aralygynda paýtagtymyzda geçirilen okuw-türgenleşigiň dowamynda tälimçiler düzümi ýerli futbolçylaryň 27-sini gözden geçirip, olaryň 22-sini ýygyndy toparymyzyň düzümine çagyrdylar. Ýygyndy toparymyzyň gutarnykly sanawyna oýunçylaryň 24-siniň çagyrylandyklaryny bellemek gerek.

Ýygyndy toparymyz 21-nji martda Malaýziýanyň Johor şäherine ugur alar.

Mergen Orazowyň tälim berýänleri 23-nji martda Johor şäherinde Malaýziýanyň milli ýygyndysy bilen halkara ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer.

Şondan soň ýygyndy toparymyzyň okuw-türgenleşik ýygnanyşygy BAE-niň Abu-Dabi şäherinde dowam eder. Ýygyndy toparymyzyň bu türgenleşik ýygnanyşygy 25-30-njy mart aralygynda geçiriler.

Related posts

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

Amorim “Mançester Ýunaýtediň” baş tälimçisi wezipesinden gitdi

Şu gün “Altyn pökgi” baýragy gowşurylar

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment