BIZNES

Türkmenistanyň wekiliýeti Oman Soltanlygynda geçirilen halkara sergisine we maslahatyna gatnaşdy

2024-nji ýylyň 22-24-nji apreli aralygynda Oman Soltanlygynyň Maskat şäherinde geçirilen «Omanyň nebiti we energetikasy ─ 2024» atly halkara sergisine hem-de «Elýeterli, durnukly we tygşytly ulanylýan energiýa çeşmeleri» atly halkara maslahatyna Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşdy. Bu çärelere Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleri hem gatnaşdy.

Halkara serginiň we maslahatyň esasy maksady nebitgaz ulgamynda dünýä tejribelerini öwrenmek hem-de tygşytly ulanylýan energiýa çeşmeleri boýunça tejribe alyşmakdan ybarat boldy. Çäreler «OMANEXPO» tarapyndan Oman Soltanlygynyň Energetika we mineral serişdeler ministrliginiň howandarlygynda geçirildi.

Related posts

Arkadag şäherinde çagalar seýilgähi «Çyzgy» hojalyk jemgyýeti gurar

Dubaýda Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň göçme forumy geçirilýär

Türkmen-fransuz işewürler maslahatyny onlaýn geçirmek teklip edildi