JEMGYÝET

Türkmenistanyň we Burkina-Fasonyň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Burkina-Fasonyň daşary işler, daşary ýurtlardaky burkinalylar boýunça sebit hyzmatdaşlygy boýunça ministri Karamoko Žan-Mari Traore bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy.

Taraplar Türkmenistan bilen Burkina-Faso arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşiniň geljegine garadylar. Syýasy, ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri bellendi. Köptaraplaýyn gurluşlaryň, hususan-da BMG we Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary şu ýyl “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) taýýarlyk görmek bilen bagly meselelere garadylar.

Related posts

Türkmenistan bilen Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky täze şertnamalara gol çekdiler

Ata Watan Eserleri

Ekizleriň rekord synanyşygy

vepa

Ermenistan Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

vepa