SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistanyň syýahatçylyk kärhanalary Seul halkara syýahatçylyk sergisine gatnaşdy

2026-njy ýylyň 4-7-nji iýuny aralygynda Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde COEX atly Sergi merkezinde, Seul halkara syýahatçylyk sergisi geçirildi. Bu Aziýa sebitinde uly halkara syýahatçylyk sergisi dünýäniň ençeme ýurtlaryndan syýahatçylyk işi bilen meşgullanýan kärhanalary, awiakompaniýalary, işewür we saglyk syýahatçylygy boýunça hünärmenleri giň meýdançada jemledi.
Serginiň esasy mowzuklary halkara we içerki syýahatçylyk, lukmançylyk we saglyk syýahatçylygy, ekosyýahatçylyk we syýahatçylykda innowasiuýalar, tehnologiýalar bolup durýar.
Ýurdumyzyň syýahatçylyk kärhanalary bolan «Eşretli syýahat», «Gadymy mirasa syýahat» hem-de başga-da birnäçe syýahatçylyk kärhanalary, bu iri syýahatçylyk sergisine öz mahabat önümleri bilen gatnaşyp, ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini sergä gatnaşýan daşary ýurtly myhmanlara mahabatlandyrdylar.

Related posts

ABŞ-dan dünýä ýurtlaryna mugt sanjym

«Altyn asyr» Gündogar bazary açylýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda koronawirusa garşy sanjym alnyp barylýar

vepa