SPORT

Türkmenistanyň sport federasiýalary resmi internet saýtlaryny işe girizdiler

Türkmenistanyň Basketbol federasiýasy janköyerleri, oýunçylary we tälimçileri geçirilýän ýaryşlar, milli ýygyndy toparlaryň düzümleri we möhüm netijeler barada çalt habardar etmek üçin niýetlenen tkm.basketball resmi saýtyny tanyşdyrdy.

Täze portal ýurtda sportuň bu görnüşini söýüjiler üçin ýeke-täk maglumat medançasy bolmaga gönükdirilendir.

Türkmenistanyň Şaýbaly hokkeý federasiýasy hem öz tkmihf.com saýtyny işe girizdi. Bu serişde iňlis, rus we türkmen dillerinde elýeterlidir.

Saýtda milli hokkeýiň jikme-jik gurluşy, şol sanda erkekler hem-de U20 we U18 ýaşlar ýygyndy toparlary barada maglumatlar, içerki çempionat we paýtagtyň buz meýdançalary barada maglumatlar, şeýle hem halkara ýaryşlaryň senenamasy hödürlenýär.

Related posts

Eýranly hünärmen Türkmenistanyň erkin göreş boýunça milli ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy

14-nji gezek Fransiýanyň kubogyny gazandy

Döwletjan Ýagşymyradow nobatdaky tutluşygyna çykýar