JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidentine “Mert” atly garabag bedewi sowgat berildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň ikinji gününde Fizuli hem-de Şuşa şäherlerine baryp gördi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen Şuşa şäherinde baryp, bu ýerde Jydyr düzüne baryp gördüler. Şol ýerde garabag bedewlerini synladylar.

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew tarapyndan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow iki ýurduň arasyndaky dostluk hem-de doganlyk gatnaşyklarynyň nyşany hökmünde “Mert” atly garabag bedewi sowgat berildi.

Related posts

Teswirler : Hünärmenler Siziň üçin Teswirleýär

Dr.Döwran Orazgylyjov

Eger uçuşda keselleseň…

Ata Watan Eserleri

Oguljahan Atabaýewa «Modanyň Arkalaşygy» atly halkara forumyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri