JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Belarusyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko Belarus Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň geljekde-de iki halkyň bähbidine yzygiderli ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Aleksandr Lukaşenko berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri, Belarus Respublikasynyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdi.

Related posts

GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti Awazada geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy

Ata Watan Eserleri

Türkiýe Respublikasy Türkmenistana täze ilçi belledi

Leave a Comment