JEMGYÝET

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Merkezi Aziýa döwletleriniň 4-nji parlamentara forumyna gatnaşdy

2026-njy ýylyň 29-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde «Merkezi Aziýada agzybirligiň, howpsuzlygyň we gülläp ösüşiň bähbidine» atly temada geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň 4-nji Parlamentara Forumyna gatnaşdy.

Bu foruma gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasynyň Senatynyň Başlygy Tanzila Narbaýewa, Gazagystan Respublikasynyň Kurultaýynyň Başlygy Aýbek Dadebaý hem-de Gyrgyz Respublikasynyň Jogorku Keneşiniň Başlygynyň birinji orunbasary Mederbek Aliýew Täjigistan Respublikasyna bardylar.

Forumyň esasy maksady sebitiň döwletleriniň arasynda ýola goýlan dostlukly gatnaşyklary parlamentler derejesinde goldamaga we parlamentara gatnaşyklary täze sepgitlere çykarmaga gönükdirilendir.

Parlamentara forumyň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, forumyň ýokary derejede guralandygy üçin Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Milli Majlisine minnetdarlyk bildirdi hem-de Duşenbe duşuşygynyň sebitiň geljekki ösüşini we abadançylygyny üpjün etmäge, parlamentara gatnaşyklary ösdürmäge, durmuş-ykdysady ösüşlerde parlament wekilleriniň işjeň gatnaşmagynyň oňyn tejribelerini alyşmaga itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanlarynyň tagallalary we yzygiderli goldawy netijesinde Merkezi Aziýa döwletleriniň parlamentara forumy ýaly halkara derejede geçirilýän maslahatlaryň sebitde köpugurly hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmäge hem-de durnukly ösüşi üpjün etmekde parlamentleriň tagallalaryny utgaşdyrmaga täze mümkinçilikleri açýandygyny nygtady.

Merkezi Aziýa sebitiniň häzirki döwürde geosyýasy we ykdysady taýdan dünýäniň iň möhüm merkezleriniň birine öwrülip, ýurtlaryň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam berýändigini, durnuklylygyň esasy kepili bolup durýandygyny, Türkmenistanyň maksatlarynyň hem-de wezipeleriniň parahatçylygy üpjün etmäge, ýurtlaryň arasynda dialogy ýola goýmaga, özara ynamy berkitmäge gönükdirilendigi nygtaldy.

Forumyň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň hem-de sebitleýin ýaşlar forumlarynyň, ylmy maslahatlaryň we medeni, sport çäreleriň parahatçylygy, sebit howpsuzlygyny üpjün etmekde möhüm ähmiýeti bellenildi.

Related posts

Eýranyň, BAE-niň, Beýik Britaniýanyň liderlerinden Türkmenistanyň Prezidentine gutlaglar

Türkmenistanyň Maýa goýum forumy Beýik Britaniýada geçirler

vepa

Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa ilkinji resmi sapary başlandy

Ata Watan Eserleri