DÜNÝÄ

Türkmenistanyň ilçisi «Euronews» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy bilen duşuşdy

Brýusselde Ýewropa Bileleşigine agzalygy giňeltmek meselelerine bagyşlanan «Euronews» sammiti geçirildi. Çäre Ýewropa Bileleşigine girmek isleýän ýurtlaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Sammitiň dowamynda ÝB-niň agzasy bolmaga gyzyklanma bildirýän döwletleriň Ýewropa integrasiýasy ugrunda gazanan öňegidişlikleri bellenip geçildi. Bu barada ilçihana sosial ulgamlarynda habar berdi.

Sammite Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow hem gatnaşdy. Ilçi sammitiň dowamynda «Euronews» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Pedro Wargas Dawid bilen duşuşdy.

Duşuşykda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy dowam etdirmek we ýakyn geljekde bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Related posts

Dünýäniň iň uly suraty düşürildi

Ata Watan Eserleri

Braziliýada Lula da Silwa döwri başlaýar

Türkmen diplomatlary Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglandy