JEMGYÝET

Türkmenistanyň Agrar partiýasyna täze ýolbaşçy saýlandy

Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň IV gurultaýy geçirildi. Onuň dowamynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletimiziň giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde bu syýasy guramanyň öňünde durýan möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Forumyň işine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary, jemgyýetçilik guramalarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, döredijilik işgärleri gatnaşdylar.

Gurultaýyň dowamynda guramaçylyk meselelerine hem garaldy. Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlyklygyna ozal bu partiýanyň Merkezi geňeşiniň başlygynyň orunbasary wezipesinde işlän A.Akmämmedow saýlandy.

Related posts

Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Birleşmesinde geçirilen maslahat

vepa

Türkmenistanda uruş weteranlaryna sowgatlar gowşurylýar

ÝUNISEF Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasyny Güwänama bilen sylaglady