BIZNES

Türkmenistanda 1574 megawatlyk elektrik stansiýasy gurlar

Sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagy, elektrik energiýasynyň sarp edilýän möçberleriniň ýokarlanmagy hem-de daşary ýurt bazarlaryna türkmen elektrik energiýasyna bolan islegiň yzygiderli artmagy bilen baglylykda goşmaça elektrik kuwwatlyklar döretmek babatda edilýän işler barada hasabat berildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, şunuň bilen baglylykda, Balkan welaýatynyň çäginde kuwwatlylygy 1574 megawat bolan utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasyny gurmak baradaky teklip beýan edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti içerki sarp edijileri elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça pudagyň öňünde duran wezipeleriň hem-de türkmen elektrik energiýasynyň öndürilýän möçberlerini yzygiderli artdyrmagyň, eksport ugurlaryny giňeltmegiň wajypdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz 2023-nji ýyl üçin maýa goýum maksatnamasynda gurulmagy göz öňünde tutulýän döwrebap utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasy baradaky teklibi makullady.

Related posts

Serbiýada halkara syýahatçylyk sergisi işleýär

vepa

Hytaý Gyrgyzystanda Gün elektrik bekedini gurar

Temmäki önümleriniň Türkmenistana getirilmegi we olaryň söwdasy

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment