JEMGYÝET

Toý we beýleki dabaralarda medeni hyzmatlar barada Düzgünnama

Türkmenistanda toý we beýleki dabaralarda medeni hyzmatlaryň amala aşyrylmagyny döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe köpasyrlyk milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň özboluşlylygyny, däp-dessurlarymyzy gorap saklamak, aýdymçylar, sazandalar, tansçylar, alyp baryjylar, şeýle hem beýleki sungat işgärleri we döredijilik toparlary tarapyndan Türkmenistanda toý we beýleki dabaralarda medeni hyzmatlaryň amala aşyrylmagyny döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek hem-de bu hyzmatlaryň ýokary hilli ýerine ýetirilişine talabalaýyk gözegçilik etmek maksady bilen, şeýle hem “Medeniýet hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 20-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama bilen, Türkmenistanda toý we beýleki dabaralarda medeni hyzmatlaryň amala aşyrylmagyny döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy.
https://www.atavatan-turkmenistan.com/fitch-ratings-b-we-b-durnukly-derejeler/

Related posts

Aşkabat Asya Oyunlarına hazırlanıyor

vepa

Ýapon ilçisi: Türkmenistanda ýapon dilini öwrenýänleriň sany ep-esli artdy

 “Lacoste” markasynyň taryhy