DÜNÝÄ

Tokaýew Türkiýäniň Prezidentiniň wezipesine girişmek dabarasyna gatnaşar

3-nji iýunda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym Žomart-Tokaýew Türkiýäniň saýlanan Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň çakylygy boýunça Ankara şäherine iş saparyny amala aşyrar. Bu barada Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti metbugat gullugy habar berýär.

Şol gün Gazagystanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň wezipesine girişmek dabarasyna gatnaşar.

Mälim bolşy ýaly, Türkiýede 28-nji maýda prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyry geçirildi. Şonda sesleriň 52,18 göterimi alan Rejep Taýyp Ärdogan gaýtadan ýurduň Prezidenti wezipesine 5 ýyl möhlet bilen saýlandy.

14-nji maýda geçirilen prezident we parlament saýlawlarynyň netijelerine görä, ýurduň parlamentiniň 63,49 göterimi täzelendi.

Related posts

Özbegistan bilen Azerbaýjan bilelikdäki maýa goýum gaznasyny döreder

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Bangladeş Halk Respublikasynyň ilçisi işe başlady

Türkmenistanyň wekiliýeti Ýaponiýada geçirilen «Ylmyň we tehnologiýanyň jemgyýetdäki orny» atly forumyna gatnaşdy

Leave a Comment