TEHNOLOGIÝA

TM CELL-den täze hyzmat: 71 kody girizildi

Türkmenistanyň «Altyn Asyr» öýjükli aragatnaşyk operatory täze 71 koduny işe girizdi. Ozal bu öýjükli aragatnaşyk operatorynda şeýle kodlaryň bäşisi — 61, 62, 63, 64 hem-de 65 hereket edýärdi.

Täze kod bilen hödürlenjek halkara formatdaky telefon belgisi +99371xxxxxx görnüşinde bolar.

Täze kod ilatyň isleglerini hem-de ýüz tutmalaryny kanagatlandyrmak üçin işe girizildi. 71-lik tor kody bilen hereket edýän belgileri «Altyn Asyr» öýjükli aragatnaşyk operatorynyň ähli nokatlaryndan 10 manatdan (standart bahasy) satyn alyp bilersiňiz!

Related posts

Dünýädäki iň iri gymmatbaha awtoulag ýygnaýjysy

“Samsung” “Appleden” öňe saýlandy

Aşgabatda «Ýaş inžener — 2026» atly bäsleşik geçirildi