BIZNES

Saud Arabystanynyň kompaniýasy rekord girdeji gazandy

Saud Arabystany Patyşalygynyň nebit ägirdi “Saudi Aramco” kompaniýasy 2022-nji ýylyň birinji ýarymynda rekord girdeji gazandy. Dünýäniň iň iri nebit öndürýän kompaniýasy 87,9 milliard dollar gazandy. Bu görkeziji 2021-nji ýyl bilen deňeşdireniňde 90 göterim artdy.

Kompaniýanyň ýarym ýyllyk we çärýek döwürleýin girdejisi energiýa serişdeleriniň bahasynyň gymmatlamagy we energiýa serişdelerine bolan islegiň artmagy bilen berk baglanyşykly boldy.

Iýun aýynda nebitiň barreli 30 dollar arzanladylan halatynda-da nebitiň bahasy 100 dollarda saklanyp galynýar. Halkara pul gaznasynyň çaklamasyna görä, energiýa serişdeleriniň bahasynyň artmagy bilen Saud Arabystanynyň ykdysadyýeti ýylyň ahyrynda 7,6 göterim artar. Şeýlelikde, Patyşalygyň jemi içerki önüminiň möçberi bir trillion dollardan geçer.

Related posts

Rus ilçisi: tebigy gaz pudagynda rus-türkmen hyzmatdaşlygy ileri tutulýar

Ata Watan Eserleri

Sanly bank döwri başlaýar

Ata Watan Eserleri

“Apple” we “Amazon”-yň satuwlary garaşylandan pes boldy