BIZNES

“Rosatom” Gyrgyzystanda ýel energetika taslamasyny durmuşa geçirer

Russiýanyň “Rosatom” döwlet korporasiýasy Gyrgyz Respublikasynyň Batken we Yssyk-Kul oblastlarynda 2 sany ýel energetika taslamasyny durmuşa geçirer. Bu barada “Rosatom Gyrgyzystan” edarasynyň baş müdiri Dmitriý Konstantinow habar berdi.

– Gyrgyzystanda ýel energetika taslamasy boýunça iki meýdançanyň üstünde iş alyp barýarys. Yssyk-Kul oblastynda 100 MWt (bahasy 100 mln dollar) we Batken oblastynda 80 MWt güýjünde ýel elektrik beketlerine maýa goýumlar özleşdiriler – diýip, Dmitriý Konstantinow belläp geçdi.

Onuň bellemegine görä, Gyrgyzystanyň Energetika ministrligi bilen bilelikde 500 MWt-a çenli güýjünde ýel energetika taslamalaryny durmuşa geçirmek meýilnamalar bar.

Ýel energetika taslamalaryndan başga-da, rus-gyrgyz ösüş gaznasynyň goldaw bermegine birnäçe gidroelektrik stansiýalary gurmak meýilleşdirilýär.

Related posts

Türkmen gazynyň Gazagystana eksport mümkinçiligi

Ata Watan Eserleri

Ulag we kommunikasiýa toplumynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýlary gurlar

Ata Watan Eserleri

Moda dünýäsinde uly baýrak