BIZNES

Özbegistanyň wekili türkmen karbamidini satyn aldy

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda Özbegistanyň wekili “B” kysymly karbamid satyn almak barada geleşik baglaşdy. Bu barada biržanyň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

“Marykarbamid” zawodynda öndürilen mineral dökünleriň bir tonnasynyň bahasy $442,50 diýlip bahalandyryldy, bu bolsa öňki söwdalardaky bilen deňeşdirilende 2,7% arzandyr.

Jemi 5 müň tonna karbamid eksporta iberiler. Geleşigiň umumy bahasy $2,2 million deň boldy.

Related posts

1,5 milliardy iki esse köpelip geldi

Germaniýa wodorod turba geçirijisine goşular

YHG-niň sebitinde TOPH-yň ähmiýeti :Stambul Maslahaty

vepa