TEHNOLOGIÝA

“Microsoft”: ulanyjylara açarsyz girmäge rugsat berer

“Microsoft” kompaniýa ýakyn hepdelerde “Microsoft Outlook” we “Microsoft OneDrive” ýaly birnäçe meşhur programma üpjünçilik hyzmatlaryndan peýdalanýanlar üçin açarsyz girmek mümkinçiligini döretjekdigini habar berdi. “Microsoft” bu mümkinçiligi mart aýynda korporatiw hasaplara elýeterli edipdi.

Kompaniýanyň wise-prezidenti Wasu Jakkal öz blogynda: “Mundan beýläk “Microsoft” hasabyňyzdaky açarjyk size zerur bolup durmaz” diýip,  belledi.

“Microsoft” kompaniýasy öz hyzmatlaryndan peýdalanýanlara açarlaryň ýerine özboluşly sanly giriş koduny hödürlär. Bu babatda “Authenticator” programmasy ýa-da ulanyjylara ýüz tanamak, barmak yzy bilen girmäge mümkinçilik berýän “Windows Hello” programmasyndan peýdalanmak hyzmatyny hödürlär.

 

Gije jübi telefonyny nirede goýmaly?

Related posts

Daşoguz şäherinde «Kamaz» okuw-hyzmat ediş merkezi açyldy

“Galaxy A52s 5G” smartfonynyň suratlary we aýratynlyklary ýaýrady

Ženewa-2022” awtosergisi ýatyryldy