SPORT

“Liwerpul”-yň nobatdaky transferi

“Premýer Ligada”  30 ýyl soňra ýeňiş gazanan “Liwerpul” ýene-de bir transfer amala aşyrdy. “Liwerpul” “Olympiakos” toparynyň lybasynda çykyş eden 24 ýaşyndaky Kostas Tsimikasy toparyna goşdy.  iňlis topary 11,7 sterlinge 5 ýyllyk şertnama gol çeken grek oýunçysy Tsimikasy, indi “Liwerpulyň” lybasynda meýdançada çykyş eder. 2015-2020-nji ýyllarda “Olympiakos” toparynda oýnan grek oýunçysy topar bilen 46 oýna gatnaşdy. Oýunçy “Olympiakos” toparynda 2015-16 hem-de 2019-20-nji ýyllaryň möwsüminde Gresiýanyň “Super Ligasynda” ýeňiş gazandy.

Kostas Tsimikasy öz futbol kariýerasynda 136 oýna gatnaşyp, 8 sany topy derwezä salmagy başardy. Ol 1996-njy ýylyň maý aýynyň 12-sine doglan. Kostas Tsimikasy häzirki wagtda çenli 21-lik belgi bilen meýdançada çykyş edip gelýär.

Related posts

Aşgabatda tennis boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin ýaryşy geçiriler

Transferden iň köp girdeji gazanan topar

Sport täzelikleri gysga setirlerde… Grizmanny satmak isleýärler

Ata Watan Eserleri