SPORT

La Liga 8-nji iýundan başlap dowam eder

 Ispaniýanyň Premýer-ministri Pedro Sançes ýurduň futbol çempionatynyň 8-nji iýundan başlap dowam etdiriljekdigini aýtdy.

«Ispaniýa pandemiýa garşy elinden geldigiçe göreşdi. Indi käbir ýagdaýlary biraz ýumşatmaly. Şonuň üçin La Ligany 8-nji iýundan başlap, dowam etdirmek kararyna geldik» diýip, Premýer-ministr aýtdy.

Ýeri gelende aýtsak, La Liganyň şu möwsüminde 27 tapgyryň duşuşyklary geçirildi. Häzir «Barselona» topary 58 utuk bilen ýaryşyň başyny çekýär.

Related posts

Zidan – dünýäniň iň gowy klub tälimçisi

14 ýaşynda Olimpiýa çempiony boldy

Dünýä çempiony Dmitriý Biwol guşaklaryny gorady