JEMGYÝET

Ýapon ministri: Türkmenistan bilen emeli aň ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyrys

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Ýaponiýanyň daşary işler ministri Toşimitsu Motegi Türkmenistana ilkinji saparyny amala aşyrdy. Bu saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşyk geçirildi. Işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň jemleri boýunça Ýaponiýanyň Daşary işler ministrligi bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2027–2029-njy ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekdiler.

Ýaponiýanyň daşary syýasat edarasynyň habar bermegine görä, duşuşygyň çäklerinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R. Meredow ýapon kärdeşi Motegini Türkmenistana bolan sapary bilen gutlap, bu saparyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmekde möhüm ädim boljakdygyny belledi.

Öz gezeginde ministr Motegi geçen ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýada geçirilen “Ekspo-2025” sergisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Milli güni hem-de “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” sammiti mynasybetli Ýaponiýa amala aşyran iki saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň has-da ösdürmäge uly itergi berendigini aýtdy.

Ýapon ministri möhüm hyzmatdaş hökmünde Türkmenistan bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmek isleýändiklerini beýan etdi.

 

Mundan başga-da, ministr Motegi Türkmenistan bilen tebigy serişdeler we energetika pudaklaryndaky ýakyn hyzmatdaşlygy agzap, Ýaponiýanyň geljekde ýapon tehnologiýalarynyň mümkinçiliklerinden yzygiderli peýdalanmak arkaly emeli aň (AI) we serişdeleriň dolanyşygy ugurlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny belledi.

Öz gezeginde, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýaponiýa bilen şu güne çenli giň ugurlarda alnyp barylan hyzmatdaşlyga ýokary baha berip, Ýaponiýanyň Türkmenistanyň ykdysady ösüşi üçin iň möhüm hyzmatdaşdygyny we ýapon tehnologiýalarynyň Türkmenistanyň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmaga ýardam berýändigini belledi hem-de emeli aň we serişdeleriň dolanyşygy ugurlaryny hem goşmak bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmäge ygrarlydyklaryny mälim etdi.

Mundan başga-da, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistanda 15 000-e golaý adamyň ýapon dilini öwrenýändigini belledi. Taraplar bilim pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek barada ylalaşdylar.

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň Prezidentini gutlady

Ata Watan Eserleri

Fumio Kisida 50 ýapon kompaniýasy bilen Merkezi Aziýa sapara gelýär

Türkmenistanyň Halk Maslahaty döredildi