DÜNÝÄ

Konsullyk meseleleri boýunça türkmen-azerbaýjan maslahatlaşmalary geçirildi

2023-nji ýylyň 26-njy maýynda Bakuda Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň daşary syýasy edaralarynyň konsullyk gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň derejesinde konsullyk meseleleri boýunça türkmen-azerbaýjan maslahatlaşmalary geçirildi.

Maslahatlaşmalaryň dowamynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän konsullyk meselelerini, Türkmenistanyň raýatlarynyň Azerbaýjandaky we Azerbaýjanyň raýatlarynyň Türkmenistandaky hukuk ýagdaýlaryny, Azerbaýjanda okaýan türkmen talyplarynyň meselelerini we ş.m. ara alyp maslahatlaşdylar. Gün tertibine laýyklykda, Türkmenistanyň döwlet migrasiýa gullugy bilen Azerbaýjanyň migrasiýa gullugynyň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmek we tejribe alyşmak meselelerine seredildi.

Duşuşygyň netijeleri boýunça konsullyk maslahatlaşmalaryň Teswirnamasyna gol çekildi.

Related posts

Russiýa-Eýran: söwda dolanyşygy 10 milliarda ýetiriler

Türkmenistanyň ilçisi Wenadaky halkara guramalar boýunça wekillige bellendi

Türkmenistanyň Ilçisi Tailandyň Daşary işler ministrliginde duşuşyk geçirdi

Leave a Comment