MEDENIÝET

Irem Deriji Aşgabatda konsert berdi

26-njy dekabrda Aşgabatdaky Gyşky oýunlar sport toplumynda türkiýeli meşhur aýdymçylaryň biri Irem Derijiniň konserti geçirildi. Özüniň söýlüp diňlenilýän aýdymlaryndan “Kalbimin tek sahibine”, “Evlenmene bak”… ýaly aýdymlaryny ýerine ýetiren Irem Deriji, konserte tomaşa etmäge gelenlerde ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň döredijilik topary bolup, Irem Derijiniň konsertini ýazgy etdik. Şol ýazgy görnüşlerini “Atavatan Tv Youtube” kanalymyzda we “www.atavatantv.com” saýtymyzda tomaşa edip bilersiňiz.

Günüň ikinji konserti türkiýeli ýene bir aýdymçy Mustafa Sandalyň konsertiniň sagat 19:00-da bolmagyna garaşylýar.

Related posts

6 ýyldan soňra täze kitabyny çykarýar

Ata Watan Eserleri

Türkmen talyby Gazagystanda “Iň gowy zenan keşbi” üçin baýraga mynasyp boldy

Ata Watan Eserleri

Madonnanyň mugt konserti 60 million girdeji getirdi

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment