JEMGYÝET

Igor Runow: Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag başlangyçlary möhümdir

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ulag diplomatiýasy boýunça duşuşyk geçirildi. Bu duşuşyga institutyň professor-mugallymlary, Strategik barlaglar boýunça ylmy merkeziniň işgärleri şeýle-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Onuň dowamynda BMG-niň ýanyndaky Ulag diplomatiýasynyň Halkara merkeziniň ýerine ýetiriji sekretary Igor Runow “Merkezi Aziýa we Günorta Kawkaz ulag geçelgesiniň mümkinçilikleri” atly temasy boýunça çykyş etdi. Çykyşda halkara we sebit derejesinde ulag-logistika ulgamyny ösdürmekde gazanylan netijelere aýratyn üns çekildi.

Hususan-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň teklipleri esasynda ulag ulgamynda öňe sürülýän başlangyçlaryň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa eýe bolýandygy hakynda aýratyn bellenilip geçildi.

Duşuşygyň çäklerinde BMG-niň ýanyndaky Ulag diplomatiýasy boýunça Halkara merkeziň ýerine ýetiriji sekretary Igor Runow institutdaky Türkmen diplomatiýasynyň taryhy muzeýi bilen tanyş boldy we talyplar bilen sorag-jogap alyşdy.

Related posts

2026-njy ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň Pakistana saparyna garaşylýar

Arkadag şäheri Koreýa Respublikasynda 3 baýraga mynasyp boldy

Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky 13,1 milliard ýewro maýa goýdy

Ata Watan Eserleri