SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Hytaýyň sanjymy hem taýýar bolýar

Russiýa koronawirusy sanjymyny tassyklandan soň Hytaýdan hoş habar geldi. Döwlet eýeçiligindäki kompaniýa bahasy 140 dollardan arzan bahadan öndüriljek sanjymyň ýylyň ahyryna çenli bazara taýýar boljakdygyny habar berdi. Bu barada “NTV” habar gullugynda habar berilýär.

“SinoPharm” kompaniýasynyň müdiri Liu Çingin Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň “Guangming” gazetine ýylyň ahyrynda çykjak “Covid-19” sanjymynyň bahasynyň 140 dollardan hem arzan boljakdygyny we iki dozanyň 28 günüň dowamynda öndüriljekdigini aýtdy.

“SinoPharm” kompaniýasynyň dolandyryjysy bu sanjymyň ýylda 220 million dozany öndürip biljekdigini aýtdy.

Related posts

Onkologiki kesellere garşy göreşýän gök önüm

Aşgabat-Türkmenbaşy-Aşgabat: hepdede 16 uçar gatnawy ýerine ýetiriler

Ata Watan Eserleri

Täze ugurlara halkara uçar gatnawlary açylar