DÜNÝÄ

Hormatly Prezidentimiz Türkiýäniň Prezidentiniň wezipä girişmek dabarasyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň saýlanan Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň wezipä girişmek dabarasyna gatnaşdy. 
Şu gün Rejep Taýyp Ärdogan parlamentde kasam kabul etdi. Bu wezipä girişmek dabarasyna dünýäniň 80-den gowrak ýurdunyň wekilleri gatnaşdy.
Dabara tamamlanandan soňra Rejep Taýyp Ärdogan Türkiýäniň Ministrler Kabinetiniň täze düzümini yglan etdi.
Belläp geçsek, Rejep Taýyp Ärdogan Prezident saýlawlarynda 28-nji maýda geçirilen ikinji tapgyrda ýeňiji boldy.
Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Türkiýe dost-doganlyk gatnaşyklaryny barha ösdürýär. Netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň Türkiýe Respublikasyna taryhy wakalara gatnaşmak üçin amala aşyrýan sapary hem ysnyşykly gatnaşyklaryň aýdyň nyşanydyr.

Related posts

Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Türkmenistanda saparda bolýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň dostluk oýunlary geçirilýär

Daniýanyň şa zenany tagty ogluna berer

Leave a Comment