BILIM

Himiýa ugry boýunça Nobel baýragynyň ýeňijileri yglan edildi

Stokgolmda Şwed ylymlar akademiýasy 2025-nji ýylyň Himiýa ugry boýunça Nobel baýragynyň ýeňijilerini yglan etdi. Bu kategoriýada Susumu Kitagawa (Ýaponiýa), Riçard Robson (Awstraliýa) we Omar Ýaghi (ABŞ) “metal-organiki karkaslary işläp taýýarlandyklary üçin” ýeňiji boldular.

Nobel baýragynyň 2025-nji ýyldaky pul möçberi 11 million şwed kronuny ($1,1 million) düzýär we bu pul üç ýeňijiniň arasynda deň bölüner.

Metbugat beýannamasynda: “Himiýa ugry boýunça 2025-nji ýylyň Nobel baýragynyň ýeňijileri gazlar we beýleki himiki birleşmeler geçip bilýän aralykly molekulýar gurluşlary döretdiler. Bu gurluşlar – metal-organiki birleşmeler – çölüň howasyndan suw almak, uglerody tutmak, zäherli gazlary saklamak ýa-da himiki täsirleriň tizligini üýtgetmek üçin ulanylyp bilner” diýilýär.

Himiýa boýunça Nobel komitetiniň başlygy Haýner Linke: “Metal-organiki birleşmeler uly mümkinçilige eýedir, olar täze funksiýaly, sargyt esasynda taýýarlanan materiallar üçin ozal görülmedik mümkinçilikleri döredýär” diýip düşündirdi.

Related posts

2025-2026-njy okuw ýyly üçin “FLEX” maksatnamasynyň bäsleşigi

Ata Watan Eserleri

Talyp-2022:Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi

Ata Watan Eserleri

23-nji aprel «Iňlis dili» güni