BILIM

Halkara nebit we gaz uniwersiteti “Açyk Gapylar” gününe çagyrýar

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti 2021-2022-nji okuw ýylynda okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlary uniwersitet bilen tanyşdyrmak üçin “AÇYK GAPYLAR” gününi geçirýär. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde çap edilen bildirişde bellenilip geçilýär.

“Açyk gapylar” gününde ýaşlar hormatly Prezidentimiziň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek babatda alyp barýan syýasatynyň uniwersitetde durmuşa geçirilişi, ýokary bilim ulgamynda gazanylan üstünlikler, okuwlaryň guralyşy, taýýarlyk ugurlary, olara degişli hünärler, alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik, medeni-köpçülik işleri hem-de okamak, ýaşamak, medeniýetli dynç almak, sport bilen meşgullanmak üçin döredilen mümkinçilikler we döwrebap okuw otaglary, häzirki zaman tehnologiýalary bilen abzallaşdyrylan tejribe otaglary, maglumat tehnologiýalar merkezi, sport toplumy, talyplaryň ýaşaýyş we durmuş şertleri bilen tanyşdyrylar.

“Açyk gapylar” güni uniwersitetde we onuň Balkanabat bölüminde 2021-nji ýylyň 5-6-njy maýynda, görkezilen salgylarda sagat 15:00-da başlanýar.

Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýolunyň 8-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 39-13-05; 39-13-18.

Uniwersitetiň Balkanabat bölüminiň salgysy: Balkanabat şäheriniň G.Annaýew köçesiniň 76-njy jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 4-93-62; 2-19-98.

 

Türkiýede Oraza aýynda 2 hepdelik çäklendirme

Related posts

Türkmen döwlet maliýe instituty «Açyk gapylar» güni geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Aşgabatdaky mekdep-internatyna zehinli okuwçylar kabul edilýär

Türkmenistanyň we Russiýanyň ýokary okuw mekdepleri hyzmatdaş boldular