JEMGYÝET

«Gumdag-Etrek-Eýran serhedi» awtomobil ýoly gurlar

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şähergurluşyk ministri Mehrdad Bazrpaşyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet ýurdumyzda saparda boldy. Bu wekiliýetiň agzalary Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran toparynyň 17-nji mejlisine we EYR-nyň «Iran Prože» atly Ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşdylar.

Şeýle hem Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran Hökümetara toparynyň başlyklary R.Meredow bilen M.Bazrpaşanyň ýolbaşçylygynda duşuşyk geçirildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran toparynyň 17-nji mejlisiniň jemleri boýunça birnäçe ylalaşyklara gol çekildi.

Mejlisiň netijeleri boýunça aşakdaky resminamalara gol çekildi:

– Mary (Türkmenistan) – Maşat (Eýran) elektrik geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygynyň maliýeleşdirilmegini ýola goýmak hakynda «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň, «Tawanir» kompaniýasynyň we «Sanergy Pishro Export and Energy Promotion» kompaniýasynyň arasynda Çarçuwaly Ylalaşyk;

– Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşyk ministrliginiň arasynda «Gumdag-Etrek-Eýran serhedi» awtomobil ýoluny gurmak barada Hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama;

– Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran toparynyň on ýedinji mejlisiniň Teswirnamasy.

Related posts

Konstitusion Kanun tassyklandy :Halk Maslahaty

Ata Watan Eserleri

Göbeklitepe, UNESCO Dünya Mirası Kalıcı Listesinde

vepa

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gazagystanyň Prezidenti bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri