BIZNES

Golliwudyň meşhur kinokompaniýasyny satyn aldy

Dünýäniň iň baý işewüri hasaplanýan Jeff Bezosyň “Amazon” onlaýn söwda kompaniýasy Golliwudyň dünýä belli “Metro-Goldwyn-Maýer” kinokompaniýasyny satyn aldy. Geleşigiň bahasy takmynan 8,5 milliard dollara deň bolar.

Bu geleşik “Amazon” kompaniýasynyň taryhynda iň uly güýmenje pudagynda satyn alan kompaniýays bolar. Meşhur Golliwud studiýasynyň satyn alynmagy bilen “Amazon” 20-nji asyryň ähli Jeýms Bond filmleri we beýleki filmler ýygyndysyna eýeçilik eder.

Dünýäniň iň gadymy kino studiýalarynyň biri bolan “Metro-Goldwyn-Maýer” 1924-nji ýylda esaslandyryldy.

“Metro Goldwyn Maýer” studiýasynyň häzirki wagtda 4000 töweregi filmi we 17000 sagatlyk telegepleşikleri özünde jemleýän ägirt uly kitaphanasy bar.

 

Azerbaýjanda käbir çäklendirmeler ýatyrylýar

Related posts

11 müň tonnadan gowrak ECO-93 görnüşli awtoulag benzini eksporta ýerlenildi

Putin: “Gazpromyň” ýolbaşçylary Türkmenistanda bolarlar

Çifte vergilemeyi önleme ve Yatırım anlaşması imzalandı

vepa