DÜNÝÄ

Gazagystanyň Prezidenti Germaniýada saparda bolar

Şu ýylyň 28-29-njy sentýabrynda Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Germaniýa Federatiw Respublikasynda resmi saparda bolar. Bu barada “Kazinform” habarlar gullugy habar berýär.

Berlinde Kasym-Žomart Tokaýew Federal Kansler Olaf Şols we Federal Prezident Frank-Walter Ştaýnmaýer bilen gepleşikler geçirer.

Gazak Lideri Merkezi Aziýa we Germaniýanyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygyna gatnaşar.

Şeýle hem bu saparyň maksatnamasyna laýyklykda, Kasym-Žomart Tokaýew “Berlin Global Dialogue” halkara forumynda çykyş eder we Germaniýanyň işewürlik jemgyýetçiliginiň wekilleri bilen birnäçe ikiçäk duşuşyklary geçirer.

Related posts

Dünýäniň iň täsirli 100 adamy

Dünýäniň iň beýik nokady satuwa çykaryldy

vepa

Gazagystanyň Prezidenti Hazar sammitine gatnaşýar

Ata Watan Eserleri