DÜNÝÄ

Fransiýanyň Prezidenti Gazagystana barýar

Gazagystanyň Prezidentiniň metbugat gullugy Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň hem-de Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbanyň Gazagystana sapar bilen geljekdigini habar berdi.

1-nji noýabrda Gazagystanyň Prezidentiniň çakylygy boýunça Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň resmi spar bilen Gazagystana geljekdigi habar berildi.

Saparyň çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklar boýunça gepleşikler geçiriler. 2-nji noýabrda Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban Gazagystana geler.

3-nji noýabrda bolsa, gazak paýtagtynda Türki Döwletleriň Guramasynyň X ýubileý sammiti geçiriler. Oňa gurama agza döwletler – Azerbajjanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň döwlet ýolbaşçylarynyň, şeýle hem guramanyň synçy döwletleriniň – Wengriýanyň we Türkmenistanyň Baştutanlarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Related posts

Japarow: Gyrgystan Daglyk şäherleriň halkara assosiasiýasyny döretmek başlangyçy bilen çykyş edýär

Türkmenistan we Eýran medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny ösdürmäge ygrarlydyrlar

Wladimir Putin bilen Masud Pezeşkianyň Aşgabatdaky duşuşygy